Legal
Samsung Knox Gizlinlik syýasaty
Güýje girýän senesi: 08.01.2021
Samsung Electronics Co., Ltd. (“Samsung”) özüniň müşderileri, olaryň işgärleri we hyzmatdaşlary üçin şahsy gizlinligiň nähili möhümdigini bilýär, şonuň üçin biz siziň maglumatlaryňyzy nähili ýygnaýandygymyz, ulanýandygymyz, paş edýändigimiz, geçirýändigimiz we saklaýandygymyz barada aç-açan bolmaga tagalla edýäris. Şu Gizinlik syýasatynda Samsung Knox ýa-da şu Gizlinlik syýasatyna baglanyşyk berýän ýa-da ony agzaýan başga hyzmatlaryň (bilelikde “Biznes hyzmatlary”) üsti bilen ýygnalan şahsy maglumatlara nähili çemeleşýändigimizi düşündirýän maglumat amallaryna umumy syn berilýär.
Şu Gizlinlik syýasaty Biznes hyzmatlaryna degişlilikde şahsy maglumatlara amal edişimizdäki üýtgetmeleri ýa-da ulanylýan kanunçylykdaky üýtgetmeleri görkezmek üçin wagtal-wagtal täzelenmegi mümkin. Şu Gizlinlik syýasatynyň ýokarsynda onuň soňky gezek haçan täzelenendigini görkezeris. Gizlinlik syýasatyna täzeleme girizen ýagdaýymyzda degişli halatlarda Biznes hyzmatlaryna bildiriş ýerleşdirmek ýa-da size e-poçta ugratmak arkaly möhüm diýip hasaplaýan üýtgetmelerimiz barada sizi öňünden habarly ederis.
Siz hakda haýsy maglumatlary ýygnaýarys?
Biznes hyzmatlary bilen baglylykda şahsy maglumatlaryň dürli görnüşlerini ýygnap bileris.
Mysal üçin:
- Adyňyz, salgyňyz, e-poçta salgyňyz, ýurduňyz we habarlaşmak üçin maglumatlar, işiňiziň ady we wezipäňiz, kompaniýaňyz, bellige alyş maglumatlaryňyz, dolandyrylýan enjamlar barada maglumatlar (IMEI, seriýa belgisi, modeliň ady ýaly) ýaly siziň beren şahsy maglumatlaryňyzy hem-de siziň bize iberen ýa-da gowşuran hatlaryňyzy ýygnap bileris;
- Biznes hyzmatlaryny ulanan wagtyňyz we näçe wagtlap ulanandygyňyz ýaly maglumatlary; siziň enjamyňyzda biziň gurnan kuki faýllarymyzda saklanýan maglumatlary; we enjamyňyzyň sazlamalary barada maglumatlary ýygnap bileris;
- Siziň ýa-da iş berijiňiziň satyn alan önümleri we hyzmatlary, töleg maglumatlary hem-de satyn alyş bilen bagly berlen beýleki maglumatlary ýygnap bileris;
- Şeýle hem, siziň iş berijiňizden ýa-da hyzmat üpjünçiňizden ýa-da köpçülige elýeterli we täjirçilik taýdan elýeterli çeşmelerden siz barada maglumatlary (kanunda rugsat berlişi ýaly) alyp bileris, olary sizden ýa-da siz barada alan beýleki maglumatlarymyz bilen birleşdirip bileris.
Maglumatlaryňyzy nähili ulanýarys?
Biz ýygnalan maglumatlary şu maksatlar üçin ulanyp bileris:
- siziň (ýa-da iş berijiňiziň) talap eden önümlerini we hyzmatlaryny üpjün etmek hem-de sizi ýa-da enjamyňyzy bellige almak ýa-da hakykylygyny barlamak üçin;
- kompaniýaňyzyň ozal satyn alan zatlaryny we hyzmat ýazgylaryny hem-de beýleki dahylly maglumatlary göz öňünde tutmak bilen degişli talap gelip gowşan halatynda has oňat we laýyklanan önümleri hem-de hyzmatlary hödürlemek üçin;
- degişli kanun boýunça talap edilýän halatlarda siziň aýratyn razylygyňyza tabynlykda täze önümler we hyzmatlar barada size maglumat bermek üçin;
- bazarymyza, müşderilerimize, önümdir hyzmatlarymyza baha berip seljermek (şol sanda önümdir hyzmatlarymyz hakda pikirleriňizi soramak we müşderi soragnamalaryny doldurtmak);
- kompaniýalaryň Biznes hyzmatlaryny nähili ulanýandygyna düşünmek, şeýlelikde hyzmatlarymyzy kämilleşdirmek we täze önümleri hem-de hyzmatlary işläp düzmek üçin;
- Biznes hyzmatlarynda tehniki hyzmatlary üpjün etmek we howpsuzlygyň ýeterlik derejesini saklamak üçin;
- Samsung-yň ýa-da biziň degişli golçur kärhanalarymyzyň, işewür hyzmatdaşlarymyzyň, işgärlerimiziň ýa-da müşderilerimiziň hukuklaryny, emlägini ýa-da howpsuzlygyny goramak üçin (mysal üçin, kazyýet işlerinde, içerki derňewlerde we ygtyýarly edaralar tarapyndan alnyp barylýan derňewlerde); we
- siziň aýratyn razylygyňyz bilen ýa-da maglumatyňyz ýygnalan wagty size düşündirilişi ýaly başga görnüşlerde.
Biznez hyzmatlarynyň üsti bilen wagt geçdigiçe siziň web saýtlardaky we birigen enjamlarda, şeýle hem üçünji tarap web saýtlarda, enjamlarda, goýmalarda hem-de beýleki onlaýn funksiýalardyr hyzmatlarda edýän onlaýn işjeňlikleriňiz hakynda şahsy maglumatlary ýygnamagymyz mümkin. Biz Biznes hyzmatlarynda Google Analytics-iň hyzmatlary ýaly üçünji tarap seljeriş hyzmatlaryny ulanyp bileris. Şu seljeriş hyzmatlaryny dolandyrýan hyzmat üpjünçileri siziň Biznes hyzmatlaryny ulanyşyňyzy seljermekde we Biznes hyzmatlaryny kämilleşdirmekde bize ýardam berýär. Alýan maglumatymyz şol üpjün edijilere, şeýle hem maglumaty (meselem, Biznes hyzmatlarynyň ulanylyşyna baha bermek, Biznes hyzmatlaryny dolandyrmaga ýardam bermek we tehniki meseleleri anyklamak üçin) ulanýan beýleki dahylly üçünji taraplara we şol üpjün edijilere mälim edilip ýa-da olaryň tarapyndan gönümel ýygnalyp bilner. Google Analytics barada goşmaça maglumat üçin http://www.google.com/analytics/learn/privacy.html we https://www.google.com/policies/privacy/partners/ salgylaryna girip görüň.
Maglumatlaryňyzy kime paş edýäris?
Biz siziň maglumatlaryňyzy üçünji taraplara olaryň öz garaşsyz marketing ýa-da biznes maksatlary üçin siziň razylygyňyz bolmazdan paş etmeýäris. Emma, maglumatlaryňyzy şu ýuridiki şahslar bilen paýlaşyp bileris:
- Samsung golçur kärhanalary;
- talap edilýän önümleri we hyzmatlary size üpjün etmek üçin zerur bolanynda üçünji taraplar bilen. Mysal üçin, siziň töleg maglumatlaryňyzy talap eden amallaryňyza degişlilikde maliýe guramalaryna mälim edip bileris;
- töleg amalynda bize ýardam berýän kompaniýalar ýaly biziň üçin ýa-da biziň adymyzdan hyzmatlary üpjün edýän kompaniýalar;
- başga taraplar: (i) kanuny berjaý etmek ýa-da hökmany kanuny prosese (gözleg buýrugy ýa-da başga kazyýet buýrugy ýaly) jogap bermek üçin; (ii) Biznes hyzmatlarymyzy dolandyrýan ýörelgeleri tassyklamak ýa-da olaryň berjaý edilişini ýerine ýetirmek; (iii) Samsung-yň ýa-da degişli golçur kärhanalarynyň, işewür hyzmatdaşlarynyň ýa-da müşderileriniň hukuklaryny, emlägini ýa-da howpsuzlygyny goramak üçin; (iv) birleşmegiň ýa-da eýeçiligine geçmegiň bir bölegi hökmünde, ýa-da tölege ukypsyzlyk sebäpli ýapylan ýagdaýynda;
- başga üçünji taraplar bilen paýlaşmagy soran ýagdaýyňyzda şeýle üçünji taraplar bilen.
Web-saýtyň, mobil goýmanyň ýa-da beýleki onlaýn hyzmatlaryň (mysal üçin, habar tagtalary ýaly) köpçülige açyk bölümlerine tabşyrýan maglumatlaryňyzy Biznes hyzmatlarynyň beýleki ulanyjylary görüp bilerler. Biznes hyzmatlarynyň beýleki ulanyjylarynyň şu maglumatlary nähili ulanyp biljekdigini dolandyrmaýarys we onuň üçin jogapkärçilik çekmeýäris. Mysal üçin, köpçülige açyk ýerlerde tabşyran maglumatlaryňyzy başga ulanyjylar ýygnap we size birugsat hatlary ugratmak üçin ýa-da başga maksatlar bilen peýdalanyp biler.
Maglumatlaryňyzy howpsuz saklamak üçin näme edýäris?
Biznes hyzmatlary bilen baglanyşykly ýygnaýan maglumatlarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin maglumat binýadyny şifrlemegi hem goşmak bilen göwnejaý fiziki we tehniki çäreleri durmuşa geçirdik. Ýöne, maglumatlaryňyzy goramak üçin göwnejaý ädimleri äden-de bolsak, hiç bir websaýtyň, Internet geçirişiniň, kompýuter ulgamynyň ýa-da simsiz birikmäniň doly howpsuz bolmaýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.
Maglumatlaryňyzy nirä geçirýäris?
Biznes hyzmatlaryny ulanyşyňyz ýa-da olara gatnaşyşyňyz maglumatlaryňyzyň şu ýörelgelere laýyklykda siziň ýaşaýan ýurduňyzyň çäklerinden daşary geçirilmegini, ýurduňyzyň çäginden daşarda saklanmagyny we işlenmegini öz içine alyp biler. Maglumatlaryňyzyň geçirilmegi mümkin bolan ýurtlaryň maglumat goramak boýunça we beýleki kanunlarynyň siziň ýurduňyzdaky ýaly giň gerimli bolman biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Şahsy maglumatlaryňyzyň goragly durmagyny üpjün etmek üçin degişli kanunçylyga laýyklykda degişli çäreleri geçireris.
Maglumatlaryňyza girip bilýärsiňizmi?
Käbir ýurisdiksiýalaryň kanunlaryna laýyklykda, biziň siz barada ýygnaýan maglumatlarymyz hakda jikme-jiklikleri soramaga we ol maglumatlardaky nätakyklyklary düzetmäge hukugyňyz bar bolup biler. Biz makul däl görnüşde yzygiderli gaýtalanýan, ýerliksiz derejede agyr tehniki zähmeti talap edýän, başga kişileriň gizlinligine howp salýan, ýerine ýetirmeklik asla mümkin bolmadyk ýa-da girmeklik ýerli kanunçylyk tarapyndan talap edilmeýän maglumatlara girmek boýunça haýyşlary ret edip bileris. Maglumatlaryňyza girmek boýunça talap bilen bize ýüz tutmak isleseňiz, şu Gizlinlik syýasatynyň Habarlaşmak bölüminde beýan edilen usullar arkaly bize ýüz tutuň.
Şahsy maglumatlaryňyzyň pozulmagyny sorasaňyz, Biznes hyzmatlarynaa girip ýa-da olary ulanyp bilmezligiňiziň we galan-gaçan şahsy maglumatlaryň degişli kanunlara laýyklykda belli bir wagtyň dowamynda Samsung-yň ýazgylarynda we arhiwlerinde durmagyň dowam etmeginiň mümkindigini ykrar edýärsiňiz, emma Samsung şol maglumaty täjirçilik maksatlary üçin ulanmaz. Maglumatlary pozmak boýunça talabyňyza garamazdan Samsung Ulanyş şertlerini bozandygyňyza üçin websaýta girişiňiz Samsung tarapyndan togtadylan, çäklendirilen ýa-da ýatyrylan bolsa, Samsung-yň ýa-da degişli golçur kärhanalarymyzyň, işewür hyzmatdaşlarymyzyň, işgärlerimiziň ýa-da müşderilerimiziň islendik biriniň hukuklaryny, emlägini ýa-da howpsuzlygyny goramak üçin zerur bolanynda Samsung-yň siziň şahsy maglumatlaryňyzy ýa-da olaryň dahylly bölegini saklap galmak hukugyna eýedigine düşünýärsiňiz.
Maglumatlaryňyzy näçe wagt saklaýarys?
Biz siziň maglumatlaryňyzy diňe öz niýetlenilýän maksady üçin ulanylar ýaly möhletiň dowamynda ýa-da islendik şertnamanyň ýa-da degişli kanunçylygyň talap edýän möhletiniň dowamynda saklamak barada göwnejaý çäreleri durmuşa geçirýäris.
Hyzmatlarymyzdaky üçünji tarap baglary we önümleri
Biznes hyzmatlarymyzyň öz dolandyryşymyzda däl üçünji tarap websaýtlara we hyzmatlara baglanmagy mümkin. Biz websaýtlar ýa-da başga hyzmatlar tarapyndan ýygnalýan hiç bir maglumatyň howpsuzlygy ýa-da gizlinligi üçin jogapkärçilik çekmeýäris. Siz ätiýaçly bolmaly we öz ulanýan üçünji tarap web saýtlaryňyza we hyzmatlaryňyza degişli gizlinlik beýannamalaryny gözden geçirmeli.
Kukiler, maýaklar we şolara meňzeş tehnologiýalar
Biznes hyzmatlarymyzda material, mahabat ýa-da başga funksiýalary üpjün edýän belli üçünji taraplar bilen bir hatarda Biznes hyzmatlarymyzyň belli bölümlerinde kukileri, maýaklary we şoňa meňzeş tehnologiýalary ulanyp bileris.
Kukiler
Kukiler enjamyňyzda maglumat saklaýan ownujak faýllardyr. Olar enjamyňyzda kukini goýan ýuridiki şahsa sizi dürli websaýtlarda, hyzmatlarda, enjamlarda we/ýa-da brauzer seanslarynda tanamaga mümkinçilik berýär. Kukiler köp peýdaly maksatlara hyzmat edýär. Mysal üçin:
- Kukiler her gezek hyzmata hasaba gireniňizde hasaba giriş maglumatyňyzy täzeden girizip durmaz ýaly olary öz ýadynda saklaýar.
Kukiler bize we üçünji taraplara Biznes hyzmatlarymyzyň haýsy bölekleriniň has meşhurdygyna düşünmäge kömek edýär, sebäbi biz olar arkaly myhmanlaryň haýsy sahypadyr funksiýalara girýänini we sahypalarda näçe wagt geçirýänini görüp bilýäris. Şeýle maglumatlary öwrenmek arkaly, biz Biznes hyzmatlaryny has kämil uýgunlaşdyryp we size has oňaýly tejribe hödürläp bilýäris.
- Kukiler bize we üçünji taraplara siziň haýsy mahabatlary görendigiňize düşünmäge kömek edýär, şeýlelikde siz her gezek Biznes hyzmatlaryna gireniňizde şol bir mahabaty görmeli bolmaýarsyňyz.
- Kukiler siziň Biznes hyzmatlarymyzy we başga websaýtdyr goýmalary ulanyşyňyz hakda maglumat ýygnamak arkaly, biziň we üçünji taraplaryň size degişli materiallary we mahabatlary üpjün etmegine şert döredýär.
Biznes hyzmatlara girmek üçin web-brauzer ulananyňyzda, brauzeriňizi ähli kukileri kabul eder ýaly, ret eder ýaly ýa-da kuki iberilende özüňize habar berler ýaly edip düzüp bilersiňiz. Her brauzer başgaça bolýar, şonuň üçinem kuki ileri tutmalaryny üýtgetmegi öwrenmek üçin brauzeriň “Kömek” menýusyna serediň. Enjamyňyzyň operasion ulgamynda kukiler üçin goşmaça dolandyryşlar bar bolup biler.
Muňa garamazdan, käbir Biznes hyzmatlary kukileri ulanyp işlär ýaly gurnalýar we kukiler ýapylan halatynda, ol Biznes hyzmatlaryny ýa-da olaryň käbir bölümlerini ulanmagyňyza ýaramaz täsir edip biljekdigini ýatda saklaň.
Başga ýerli ammar
Biz, şeýle hem käbir üçünji taraplar öz Biznes hyzmatlarymyz bilen baglanyşyklylykda Ýerli paýlaşylýan närseler (ýa-da başgaça aýdylanda “Flash kukiler”) we HTML5 ýerli ammary ýaly başga görnüşdäki ýerli ammar tehnologiýalaryny ulanyp bileris. Ol tehnologiýalar ýokarda beýan edilen kukilere meňzeşdir, sebäbi olar hem enjamyňyzda durýarlar we olary işjeňlikdir ileri tutmalaryňyz hakda käbir maglumatlary ýygnamakda ulanyp bolýar. Ýöne, ol tehnologiýalar standart kukilere garanyňda enjamyňyzyň başga böleklerini ulanyp bilerler, şonuň üçinem, olary standart brauzer gurallary we sazlamalary arkaly dolandyryp bilmezligiňiz mümkin. Flash kukileri ýapmak ýa-da olarda saklanýan maglumatlary pozmak barada maglumat üçin şu ýere basyň.
Maýaklar
Biz, şeýle hem käbir üçünji taraplar enjamyňyzdan serwere maglumat äkidýän tehnologiýalary, ýagny maýaklary (ýa-da “pikseller”) hem ulanyp bileris. Maýaklary onlaýn materiallara, wideolara we e-poçtalara ornaşdyryp bolýar we olar serweriň enjamyňyzdaky käbir maglumat görnüşlerini okamagyna, belli bir materialy ýa-da e-poçta hatyny gören wagtyňyzy bilmegine, maýagy gören wagtyňyzy we senäňizi, şeýle hem enjamyňyzyň IP belgisini anyklamagyna mümkinçilik berýär. Biz, şeýle hem käbir üçünji taraplar dürli maksatlar bilen, şol sanda Biznes hyzmatlarynyň ulanylyşyny seljermek we (kukiler bilen bilelikde) size has laýyk materialdyr reklamalary üpjün etmek üçin maýaklary ulanýarys.
Biznes hyzmatlarymyza girmek we olary ulanmak bilen, siz öz enjamlaryňyzda kukileriň, başga ýerli ammar tehnologiýalarynyň, maýaklaryň we beýleki maglumatlaryň saklanylmagyna razylyk berýärsiňiz. Şeýle hem, biziň we ýokarda agzalan üçünji taraplaryň şeýle kukilere, ýerli ammar tehnologiýalaryna, maýaklara we maglumatlara girişimize razylyk berýärsiňiz.
Habarlaşmak
Şu ýörelgeler barada islendik soragyňyz bar bolsa, şu salgynyň üsti bilen bize ýüz tutuň:
Samsung Electronics Co., Ltd.
Mobil Bölüm B2B PM Topary
dataprivacy@samsungknox.com